Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary gezelençde boldylar

Image description

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary gezelençde boldylar.

   Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary we mugallymlary bilen şeýle hem “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen  gezelençde boldylar. Kitaphana gezelenje gelen talyplar we mugallymlar Döwlet kitaphanasynyň bölümleri bilen tanyş boldylar. Bu ýerde ýerleşdirilen kitap sergileri talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi  we özlerine gerekli bolan maglumatlary  tapyp olardan peýdalandylar. Gezelençde bolan talyp ýaşlar  okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmen döwlet medeniýet …

Metbugat gullugy