Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary gezelençde boldular.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary üçin kitaphana gezelenjini gurnady. Gezelenjiň dowamynda talyplar kitaphananyň bölümleri, okalga zallary we kitap gaznasy bilen tanyşdylar. Bölümiň işgärleri talyplara kitaphananyň okyjylara hödürleýän hyzmatlary barada gürrüň berdiler. Gezelenç talyplara kitaphananyň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşmaga we kitap okamagyň bilim almakdaky hem - de döredijilik ukyplaryny ösdürmekdäki ähmiýetine has aýdyň düşünmäge mümkinçilik berdi.
Gezelenje gatnaşan talyplar we Döwlet kitaphanasynyň işgärleri ýaşlaryň döwrebap bilim almagy we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin döredilýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary aýtdylar. Goý türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmen döwlet medeniýet …