Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen Döwlet Ykdysadyýet we Dolandyryş Institutynyň 1-nji ýyl talyplary gezelençde boldular.
Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň işgärleri talyplar bilen gezelenç gurap, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri we ondan daşary geçmiş taryhymyzy, ýazyjylarymyzyň dürdäne eserlerini synlamak bilen çäklenmän özlerini gyzyklandyrýan soraglaryna jogap tapdylar. Hormatly Prezidentimiziň ýaş hünärmenler üçin döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ugur alyp, ýaşlarda ylym-bilime, kitaba bolan gyzyklanmalarynyň ýüze çykmagy, bilim alýan ugurlarynda has-da ýokary sepgitlere ýetýärler. Sergide sergilenen kitaplardan ruhlanyp, talyp ýaşlarymyz gelejekde bilimlerini has-da kämilleşdirmäge, özleriniň dünýagaraýyşlaryny giňeltmäge mümkinçilik tapdylar. Gadymýetiň baý taryhyny sahypalarynda saklaýan kitaplaryň kitaphanalarda aýawly saklanyp ýaş okyjylarymyza ýetirýändikleri üçin kitaphana işgärlerine minnetdarlyk bildirmek bilen çäklenmän eýsem kitaphana bilen ýakyndan aragatnaşyk saklajakdyklaryny talyp ýaşlarymyz uly buýsanç bilen bellediler.
Gezelenje gatnaşan talyplar özlerine döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin uly aladalar etýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmen Döwlet Ykdysadyýet …