Türkmen Döwlet Ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary gezelençde boldylar

Image description

Türkmen Döwlet Ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary gezelençde boldylar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen Döwlet Ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary we mugallymlary gezelençde boldylar. Mugallymlar we talyp ýaşlar Döwlet kitaphanasynyň bölümleri, olaryň alyp barýan işleri bilen tanyş boldylar. Bu ýerde ýerleşdirilen kitap sergileri talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi we özlerine gerekli bolan maglumatlary tapyp olardan peýdalandylar. Gezelençde bolan talyp ýaşlar täze tehnalogiýalar bilen üpjün edilen okuw jaýlarynda okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmen Döwlet Ykdysadyýet …

Metbugat gullugy