“Türkmen edebiýaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly döredijilik duşuşygy

Image description

“Türkmen edebiýaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly döredijilik duşuşygy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet  kitaphanasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde “Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Türkmen edebiýaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen türkmen edebiýatyna, edebiýat äleminde yz goýan ussat ýazyjy-şahyrlarymyza uly sarpa goýulýandygyny buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de ösüp gelýän ýaş nesliň kitaphanalarda öz bilimlerini çuňlaşdyrmak üçin edebiýatymyzy, milli mirasymyzy, medeniýetimizi sungatymyzy açyp görkezýän kitaplary yzygiderli okaýandyklaryny,  Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerini özleriniň ýan kitabyna öwrendikleri dogrusynda täsirli söhbet etdiler. Çäräniň ahyrynda kitaphana we döredijilik işgärleri ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli geçiriljek çäreler, maslahatlar dogrusynda gürrüň etdiler we ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna geçirmekde alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmen edebiýaty Berkarar …

Metbugat gullugy