“Türkmen halk ertekileri dünýä dillerinde” atly kitaphana syny.

Image description

Kitaphana synynda çykyş edenler türkmen halk ertekileri müňýyllyklaryň dowamynda dilden-dile geçip gelen gymmatly hazynamyz bolup durýar. Ertekiler türkmen halkynyň durmuş ýörelgelerini, ahlak kadalaryny, akyl-paýhasyny we ruhy dünýäsini şöhlelendirýär. Soňky ýyllarda türkmen halk ertekileri dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, dünýä okyjylaryna ýetirildi. Bu bolsa türkmen medeniýetiniň we ruhy mirasynyň halkara derejesinde giňden tanalmagyna mümkinçilik döretdi. Iňlis, fransuz, pars, türk we başga-da birnäçe dillerde çap edilen türkmen ertekileri dünýä halklarynyň arasynda dostlugy we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edýändigi barada giňişleýin gürrüň etdiler.

      Çykyş edenler kitaphana  synynyň ahyrynda  ähli mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il – ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmen halk ertekileri …

Metbugat gullugy