"Türkmen halk ertekileri"

Image description

"Türkmen halk ertekileri"

  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitaphanaara abonementi  bölümi Aşgabat şäheriniň 107-nji çagalar bagynda "Türkmen halk ertekileri"atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisini gurnady. Çagalar bagynda geçirilen çeper okaýyş we göçme sergi ýaş nesilleriň her birinde kitaba bolan söýgüni döretdi. Çagalaryň edepli-ekramly bolmagy üçin kitap okamaklygyň uly ähmiýeti bardyr. Şeýle ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: "Türkmen halk ertekileri"

Metbugat gullugy