Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölümi tarapyndan “Türkmen halkynyň milli şaý-sepleri” atly ýazylan usuly bibliografiýa gollanmasyna syn.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölüminiň “Türkmen halkynyň milli şaý-sepleri” ady bilen ýazylan usuly bibliografiýa gollanmasyndan syn geçirdiler. Kitaphanaçylar gollanmanyň mazmuny boýunça ”Türkmen zenanlarynyň milli şaý-sepleri”, ”Erkekleriň şaý-sepleri”, “Çagalaryň şaý-sepleri”, we “Ahalteke bedewleriniň şaý-sepleri” atly bölümleri bilen tanyşdyrdylar.Şeýle-de zenanlaryň dakynan şaý-sepleri olar baradaky gyzykly rowaýatlardyr, goşgulardan okap berdiler.
Kitaphana synynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde, kitaplary ýaş nesle ýetirmekde olaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmen halkynyň milli …