Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi tarapyndan “Türkmen halysy-nepisligiň we agzybirligiň sungaty” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmen halysy türkmen zenanlarynyň yhlasy, mähri siňen häzirki güne çenli hem dünýä halklaryny haýrana goýýan türkmeniň özboluşly, nepis sungatydyr. Türkmen halysy öz gözbaşyny ene topragymyzdan alyp gaýdýar we ondaky keşdeler bolsa türkmen tebigatyny, gülleri, haýwanlary, derýalary, daglary şeýle hem güni we aýy şöhlelendirýär. Türkmen halysy biziň milliligimizdir, milli gymmatlygymyzdyr. Türkmen halysy özüne mahsus bolan ruhy medeniýeti we nepisligi özünde jemleýän sungat eseridir.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan watanymyzyň döwlet nyşanlarynyň aýrylmaz bölegine öwrülen haly gölleri, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, halkymyzyň milliligine mahsus bolan parasatlylygyny alamatlandyrýar. Meşhur haly gölleriniň nagyşlary gülläp ösýän Türkmenistan watanymyzyň özboluşly keşbine öwrüldi.
Ene-mamalarymyzyň yhlasyndan döräp, sungat derejesinde biziň günlerimize çenli ýetip gelen gadymy halylarymyz häzirki ajaýyp zamanada nesillerimiz üçin elýetmez taryhy gymmatlyk, halyçylyk sungatynyň bolsa esasy binýady bolup durýar. Türkmen halysy merdana halkymyzyň ruhunyň hem-de maddy durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Şular dogrusynda söhbetdeşlige gatnaşan kitaphanaçylar okyjylara gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmen halysy-nepisligiň we …