Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebinde “Türkmen medeniýeti türkmen sungaty” atly göçme kitap sergisini gurnady.
“Türkmen medeniýeti , türkmen sungaty” atly bu göçme kitap sergisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, şeýle-de Döwlet kitaphanasynyň baý kitap hazynasynda bar bolan sungat ussatlaryna bagyşlanyp ýazylan gollanmalar hem-de kitaplar ýerleşdirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ynsany täze belentliklere galkyndyrýan, ruhuny belent edýän, nesilleriň uçar ganaty bolan kitabyň gadyry beýik tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz “Biziň halkymyz kitaphon halk. Kitap okalyp, onuň mazmuny köpçülige ýetirilensoň, ol ruhy baýlyga öwrülýär. Kitapdan okalan, öwrenilen gymmatly bilimler hem terbiýäniň üsti bilen geljekki ýaşlara geçirilýär“ diýip belleýär. ( // Berdimuhamedow S. Ýaşlar – Watanyň daýanjy. – A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2023. Sah.8-9.)
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen gülleýän medeniýetimiz bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylygy, abadançylygy, halkymyzyň bagtyýarlygy öz beýanyny tapýar. Şular ýaly ajaýyp zamanany peşgeş beren we ony parasatly dolandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmen medeniýeti türkmen …