“Türkmen medeniýetim-türkmen sungatym” atly söhbetdeşlik.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölüminiň işgärleri “Türkmen medeniýetim-türkmen sungatym” atly söhbetdeşlik geçirdiler. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda medeniýetde, sungatda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler has-da ýokarlanyp, uly rowaç- lyklara eýe bolýandygyny buýsanç bilen beýan etdiler. Adamzat geçen ýolunda medeniýeti, sungaty gülledip ösdürip, durmuşdaky öz ornuny belende götermegi başarandygyny, ata-babalarymyzdan häzirki nesillere ýetirilen medeni mirasymyz, däp-dessurlarymyz, milli sungatymyzyň merjenleri muňa şaýatlyk edýändigini beýan etdiler. Şeýle-de Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän Medeniýet günleri halkara medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga, medeniýet, sungat ussatlarynyň tejribe alyşmaklaryna uly ýardam berýändigini belläp geçdiler.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň kämilleşmegi üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tutumlarynyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmen medeniýetim-türkmen sungatym” …