“Türkmen paýhasynyň synmaz sütüni” atly kitap sergisi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Türkmen paýhasynyň synmaz sütüni” atly kitap sergi gurnaldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň  Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda “Türkmen paýhasynyň synmaz sütüni” atly kitap sergisi gurnaldy. Sergide bölümde bar bolan neşirler ýerleşdirildi. Seýrek neşirler bölümiň hazynasynda ХVI asyra we ondan soňky döwürlere degişli örän seýrek gabat gelýän neşirler bolup, olary geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen, yzygiderli kitap sergileri gurnalýar. Şeýle-de, bölümiň hazynasynda taryhy ylmy we medeni gymmaty bolan neşirleriň görnüşleri toplanandyr. Bu edebiýatlaryň ählisi türkmen kitabynyň taryhyny we Türkmenistanda neşirýat işiniň taryhyny şeýle-de, taryhy çeşmeleri edebi ýadygärlikleri öwrenmek üçin ylmy taýdan örän gymmatly çeşmelerdir. Hazynamyzyň kitaplary diňe bir türkmen we rus dilinde bolman, eýsem-de Gündogar arap, pars, türki dillerinde we Gündogar iňlis, nemes, gadymy latyn, fransuz, italýan dillerindäki neşirler hem saklanýar.

      Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmen paýhasynyň synmaz …

Metbugat gullugy