Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň patent-tehniki edebiýatlar bölümi hem-de kitap saklanýan bölümi bilen bilelikde Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýerleşýän “Altyn sümmül” sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Çagalar röwşen geljegimizdir” ady bilen kitap sergisini çagalar topary bilen gurnadylar. Bu ýerde çagalara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleri bilen giňden tanyşdyryldy, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde mähir, söýgi bilen gurşalan ýaş nesiller oňaýly şertler döredilen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alyp, şadyýan tomusda wagtlaryny peýdaly geçirýändikleri, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen çagalar bilen dostlaşýandyklary, dynç alyş merkezinde dürli çärelere gatnaşyp wagtlaryny şatlyk-şowhuna besläp dynç alýandyklary barada gürrüň edildi. Çagalaryň arasynda sorag-jogap alyşyldy. Soňra bolsa sergä gatnaşyjylar ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi şadyýan durmuşy üçin ahli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmen sport” teleýaýlymy …