Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmen topragynyň gudraty bedew” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi “Türkmen topragynyň gudraty bedew” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň ata-babalary ýyndam ahalteke atlaryny ösdürüp ýetişdirmegiň mizemez usullaryny döredip, bu gymmatly ýörelgeler şu güne çenli hem dowam etdirilip gelýänligi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmen topragynyň gudraty …