“Türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri”ady bilen sergi .

Image description

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen edebiýaty hem belent sepgitleri nazarlap öňe barýar. Ýazyjy-şahyrlarymyz dürli temada, ajaýyp şygyrlary, kyssa we drama eserlerini döredip, edebiýatymyzyň ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň medeniýet, sungat işgärleri baradaky edýän aladalaryndan  ugur alyp, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda“Türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri”ady bilen kitap sergisi guraldy. Bu kitap sergisinde   görnükli türkmen halypa ýazyjy- şahyrlarynyň şeýle hem Halk ýazyjylarynyň dürli ýyllarda ýazan eserleri goýuldy.Kitap sergisini görmäge gelen okyjylar bu kitap segisinden özleriniň gerekli soraglaryna jogap tapdylar.Şeýle hem olar ýazyjy-şahyrlaryň täze ýazan kitaplary bilen tanyş boldular.

Asuda asmanyň astynda şeýle bagtyýar döwürde ýaşaýandygymyza Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarys.

Metbugat gullugy