“Türkmen zenanlary: Halkara hyzmatdaşlygyň ösüşindäki orny” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi

Image description

“Türkmen zenanlary: Halkara hyzmatdaşlygyň ösüşindäki orny” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Ilkinji Zenanlar guramasy hem-de  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde gurnamaklarynda  “Türkmen zenanlary: Halkara hyzmatdaşlygyň ösüşindäki orny” atly söhbetdeşlik geçirildi. “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilen söhbetdeşlikde çykyş eden zenan hünärmenler  hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda üstünlikli zähmet çekip, ösüp gelýän ýaş nesillerini edep-terbiýeli, watansöýüji, ilhalar ýaşlar edip ýetişdirmekde uly güýje mynasypdyklaryny belläp geçdiler. Şeýle hem ýurdumyzda  halkara derejesinde geçirilýän maslahatlaryň, gender deňligi hem-de zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrmak boýunça  çäreleriň yzygiderli  geçirilýändigi dogrusynda söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen zenanlaryna uly hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmen zenanlary: Halkara …

Metbugat gullugy