Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi “Türkmen zergärçilik sungaty” atly söhbetdeşlik geçirdi we kitap sergisini gurnady.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi “Türkmen zergärçilik sungaty” atly söhbetdeşlik geçirdi we kitap sergisini gurnady.Söhbetdeşlikde çykyş eden kitaphanaçylar – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldaw bermeginde amaly-haşam sungatynyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ylmy esasda öwrenmekde we olary dünýä tanatmakda uly işler alnyp barylýandygy barada çykyş etdiler.Talyp ýaşlarymyz we okyjylarymyz bolsa kitap sergisi bilen tanyş boldular.
Türkmen halkynyň zergärçilik sungaty ruhy-durmuş zerurlygy bolup, özüniň çeperçilik taýdan kämilligi, milli öwüşgini bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin döredilýän zergärçilik sungat eserleriniň işlenip bejerilişinde we nagyşlarynda halkyň milli we medeni aýratynlyklary, döredijilik ukyby öz beýanyny tapýar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bimöçber alkyşlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmen zergärçilik sungaty” …