“Türkmen zergärçilik sungatynyň tyllaýy nusgalary” atly söhbetdeşlik

Image description

Türkmenistanyň  Döwlet medeniýet merkeziniň  Döwlet kitaphanasynyň Sungat  bölümi “Türkmen zergärçilik sungatynyň tyllaýy nusgalary” atly söhbetdeşlik geçirdi we kitap sergisini gurady

Türkmenistanyň  Döwlet medeniýet merkeziniň  Döwlet kitaphanasynyň Sungat  bölümi “Türkmen zergärçilik sungatynyň tyllaýy nusgalary” atly söhbetdeşlik geçirdi we kitap sergisini gurady. Bu sergide we söhbetdeşlikde kitaphanaçylar – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň goldaw bermeginde amaly-haşam sungatynyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ylmy esasda öwrenmekde we olary dünýä tanatmakda uly işler alnyp barylýandygy barada  çykyş etdiler.

Türkmen halkynyň zergärçilik sungaty ruhy-durmuş zerurlygy bolup, özüniň çeperçilik taýdan kämilligi, milli öwüşgini bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin döredilýän zergärçilik sungat eserleriniň işlenip bejerilişinde we nagyşlarynda halkyň milli we medeni aýratynlyklary, döredijilik ukyby öz beýanyny tapýar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarmyza bimöçber alkyşlaryny aýytdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmen zergärçilik sungatynyň …

Metbugat gullugy