”Türkmeniň beýik ýüpek ýoly: Demir ýoluň taryhyndan” atly kitaphana syny geçirildi

Image description

”Türkmeniň beýik ýüpek ýoly: Demir ýoluň taryhyndan” atly kitaphana syny geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent- tehniki edebiýatlar bölümi tarapyndan ”Türkmeniň beýik ýüpek ýoly: Demir ýoluň taryhyndan” atly kitaphana syny geçirildi. Türkmenistanyň demir ýol ulgamy ýurduň ulag-logistika düzüminiň iň möhüm sütünleriniň biridir. Ol hem taryhy taýdan, hem-de häzirki zaman ösüşi göz öňünde tutulanda uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanda demir ýol ulagynyň döräp ösmegi ýurduň durmuş-ykdysady we goňşy döwletler bilen bolan söwda-üstaşyr gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm orun eýeleýär. Häzirki wagtda demir ýol ulgamynda mehanizmleşdirilen ulag depolar, täze ýolagçy we ýük wagonlary ulanylmaga girizilýär, şeýle hem ýollaryň gurluşygyny berkitmek we sanly ulgama geçirmek işleri dowam edýär. Ine şular dogrusynda çykyş edenler gürrüň etdiler. Kitaphana synyna gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amala aşyrýan ägirt uly işlerine çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowana ýollarda  rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: ”Türkmeniň beýik ýüpek …

Metbugat gullugy