Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Türkmeniň wepaly Alabaýy” atly kitap sergisi gurnaldy.
Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Türkmeniň wepaly Alabaýy” ady bilen türkmen halkynyň milli we ruhy gymmatlygy hasaplanýan Alabaýlarymyza bagyşlanan kitap sergisi gurnaldy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurt dillerinde neşir edilen Alabaýlarymyz baradaky kitaplary ýerleşdirildi.Mälim bolşy ýaly, köpsanly rowaýatlarda we kyssalarda wepalylygy hakynda gürrüň berilýän Alabaýlarymyz taryhy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Ady rowaýata öwrülen türkmeniň Alabaýlary häzir hem türkmen halkynyň aýratyn buýsanjy we ylham joşguny, onuň milli baýlygy bolmagyna galýar. Sergimizdäki goýulan kitaplar okyjylarymyzda uly gyzyklanma döretdi.
Häzirki wagtda türkmen alabaýlarymyz at-abraýyny has-da belende galdyrmakda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny asylly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň aman, janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmeniň wepaly Alabaýy” …