“Türkmenistan –Änew medeniýetiniň we ak bugdaýyň watany” atly söhbetdeşlik

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň  Döwlet kitaphanasyň mejlisler zalynda Seýrek neşirler bölümi tarapyndan  “Türkmenistan –Änew medeniýetiniň we ak bugdaýyň watany” atly söhbetdeşlik geçirildi.

   Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň  Döwlet kitaphanasynyň  Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Türkmenistan –Änew medeniýetiniň we ak bugdaýyň Watany” -atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde kärdeşimiz Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaby “Änew- müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabyndan gadymy Änew şäheriniň müňýyllyklardan gözbaş alýan binagärlik medeniýetine, çeperçilik däpleri barada beýan edilýändigi we  Änew galasynyň çetinde ýerleşen Seýit Jemaleddin metjidi baradaky gürrüňleri söhbetdeşlige gatnaşan kärdeşlerimizde uly tasir galdyrdy.   

    Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu kitabynda Änew şäheri barada  şeýle diýär:

     Änew şäheri gözel paýtagtymyzyň Aşgabat şäheriniden 12 km uzaklykda ýerleşýär. Syýahatçylyk ulgamynda giňden tanalýan Änew özüniň şöhratly taryhy geçmişi hem-de müňýyllyklardan gözbaş alýan baý medeni mirasy bilen meşhurdyr bu gün ol uly depginler bilen özgerýän häzirki zaman şäherdir.Änewiň uly meşhurlyga eýe bolmagyna, gürrüňsiz, baryp XX asyryň başynda üsti açylan we “Änew  medeniýeti” ady bilen giňden ykrar edilen eneolit zamanasyna degişli arheologik medeniýet sebäp boldy – diýip belläp geçýär.         Şeýle-de, söhbetdeşlikde kärdeşimiz kitabyň bölümlerindäki  Änew şäheriniň  gadymy ýadigärlikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler bu bolsa söhbetdeşlige gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

     Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmenistan –Änew medeniýetiniň …

Metbugat gullugy