“Türkmenistan bagtly çagalaryň ýurdy” ady bilen çeper okaýyş geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlar bilen alyşmak bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 26-njy çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpejeler bilen “Türkmenistan bagtly çagalaryň ýurdy” ady bilen çeper okaýyş gurnadylar. Kitaphana işgärleri körpelere özleri üçin döredilýän mümkinçilikler hakynda aýdyp berdiler we birnäçe gyzykly ertekileri okap berdiler, olaryň gahrymanlary barada giňişleýin gürrüň etdiler. Bakja-bagynda terbiýelenýän çagalar okalan ertekiler barada özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar. Ýaş nesilleriň döwrebap okap,bilim almaklary üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, tutýan her bir tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmenistan bagtly çagalaryň …