“Türkmenistan-bagtyýar çagalaryň ýurdy.”
Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Aşgabat” söwda we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçylary “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde ýaş neslimiziň tomusky dynç alyş möwsümi we boş wagtlary kitaphanalarda öz bilimlerini çuňlaşdyryp , gözýetimini giňeltýändikleri dogrusynda söhbetdeşlik ýazgy etdiler. Mundan başga-da çykyş edenler Gökderedäki çagalar we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan bagtyýar çagalaryň arasynda kitap okamak boýunça bäsleşikleriň, söhbetdeşlikleriň geçirilýändigini, göçme kitap sergilerini gurnaýandyklaryny, bu kitap sergileriň üsti bilen çagalaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyryp, olary watana wepaly ýaşlar edip terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigini belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ajaýyp ýurdumyzda ýaşap, halal zähmet çekmegimiz üçin, şeýlede ýaş neslimiz hakynda edýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmenistan-bagtyýar çagalaryň ýurdy”