Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramyna barýan ýylymyzda kitaphana ulgamynda gazanylýän üstünlikler ylymyň ösüşine uly ähmiýet berýär. 2025-nji ýylyň 22 sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň, Döwlet kitaphanasynda Ukrainanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri we kitaphananyň ýolbaşçysy bilen döwletimiziň, dost-doganlyk köprüsiniň mäkäm bolmagy hakyndaky köňül kelamy bilen utgaşyp duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ukrainanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan bu ýurduň sungatyny, medeniýetini we edebiýatyny tanyşdyrýan ukrain dilindäki neşirleriň bir näçesini Döwlet kitaphanasyň kitap gaznasyna sowgat berdiler. Türkmenistan we Ukraina döwletleriň arasyndaky özara hyzmatdaşlyklary türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgeleri halkara derejesinde dabaralanýar. Şeýle duşuşyklaryň geçirilmegi ýürdumyzyň kitaphana ulagamynyň dünýä derejesinde ösmegine uly ähmiýet berýär. Milli ruhy gymmatlyklarymyzy ýaş nesillerimize ýetirmekde birnäçe aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmenistan – dost-doganlyk …