“Türkmenistan-dünýäde parahatçylygy döredýän döwlet” atly kitap söhbetdeşlik geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Türkmenistan-dünýäde parahatçylygy döredýän döwlet” atly kitap söhbetdeşlik geçirildi.

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda  2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýip yglan edilmegi bilen parahatçylygyň bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazasy äleme dolan ýurdumyzda her ýyly özboluşly, halkymyzyň milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine laýyk, döwrebap şygyr bilen atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda bu günki günde ösüp gelýän ýaş nesillere edebi mirasymyzy öwrenmäge ähli şertler döredilýär. Şol mynasybetli  Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşir bölüminde “Türkmenistan-dünýäde parahatçylygy döredýän döwlet.” -atly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir.  Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Metbugat gullugy