“Türkmenistan – ösüşleriň Diýary, ganatly bedewleriň mekany” atly hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphana hünärmenleriniň arasynda “Türkmenistan – ösüşleriň Diýary, ganatly bedewleriň mekany” atly hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Hünärmenler bäsleşikde Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň eserlerine şeýle hem, Magtymguly Pyragy hakyndaky kitabyň birine kitaphana synyny geçirmek, kitaphana gaznasyna täze kabul edilen neşirleri kitaphana usullary bilen işlemek boýunça bäsleşdiler. Soňra olar kitaphana işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen sowal-jogap alyşdylar. Ýurdumyzyň kitaphana ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler bäsleşigiň şertleri boýunça üstünlikli çykyş edip, ýaş nesilleriň milli terbiýesini gazanmakda, kitaba bolan höwesini artdyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň eserlerinden ugur alýandyklaryny buýsanç bilen bellediler. Geçirilen hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji bolan hünärmenlere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy. “Türkmenistan – ösüşleriň Diýary, ganatly bedewleriň mekany” atly hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleri üçin döredilip berilýän mümkinçilikleri üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmenistan – ösüşleriň …