“Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ady bilen söhbetdeşlik

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen Döwlet Medeniýet instituty, “Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde, “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

      Söhbetdeşlikde çykyş edenler Hemişelik Bitaraplyk halkymyzyň beýik gymmatlygy bolup,tutuş dünýäde asuda durmuşy,halklaryň dost-doganlygyny,ynsanperwerligi,özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr diýip, giňişleýin söhbet etdiler.   

    Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmenistan parahatçylygyň we …

Metbugat gullugy