Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölümi hem-de Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlary alyşmak bölümi, “Türkmenistan Sport” teleýaýlymy bilen bilelikde Gökdere çagalar dynç alyş we sagaldyş zolagynda ýerleşýän “Demirýolçy” sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Kitap-ylymyň, bilimiň açarydyr” atly göçme kitap sergisi hem-de sergide ýerleşdirilen edebiýatlara syn geçirildi.
Synda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalaryň sowatly, bilimli, giň gözýetimli, sagdyn bedenli ösüp- ulalmaklary üçin, boş wagtlaryny şadyýan geçirmegi üçin, olaryň tomsuna dynç almagy üçin hem ähli şertler döredilen.Perzent terbiýesinde ata-babalarymyzyň öwüt-ündewlerinde gaýta-gaýta tekrarlaýan nesihatlarynyň biri-de, kitaplary köp we üznüksiz okamakdyr. Kitaby köp okamak ylym almagyň, durmuşa düşünmegiň ýollaryny salgy berýär, kämil ýaşaýşa ruhlandyrýar.
Göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeýle-de çagalar edebiýatyna degişli birnäçe eserler ýerleşdirildi. Bu guralan kitap sergisi Gökdere çagalar dynç alyş we sagaldyş zolagynda dynç alýan çagalarda uly täsir galdyrdy.
Serginiň dowamynda çagalar bilen gyzykly sorag-jogap alyşyldy.
Göçme kitap sergisine gatnaşanlar ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň amanbolmagyny, janlarynyň sag bolmagyny, il – ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmenistan Sport” teleýaýlymy …