“Türkmenistan”, teleýaýlymlary bilen bilelikde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at–myradyň mekany” ýylymyzda Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp “Bahar gelse äleme zenan mähri nurlanar” ady bilen baýramçylyk dabarasy ýazgy edildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmenistan”, teleýaýlymlary bilen bilelikde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at–myradyň mekany” ýylymyzda Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp “Bahar gelse äleme zenan mähri nurlanar” ady bilen baýramçylyk dabarasy ýazgy edildi.

    Söhbetdeşlikde çykyş edenler,Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň,biziň enelerimiz we käbelerimiz hakynda edýän Döwlet derejesindäki aladalary, Halkara 8-nji mart zenanlar gününe bagyşlanyp zenanlarymyz bilen bilelikde ýaşajyk gyzjagazlara çenli pul sowgatlarynyň gowşurylýanlygy barada söhbet etdiler. Enelerimiz, käbelermiz biziň bahar-ýaza meňzeş,ajaýyp gül-gunçalara meňzeş gelin-gyzlarymyz hakynda goşgy ýazmadyk eser döretmedik şahyr- ýazyjy,aýdym aýtmadyk, saz döretmedik bagşy-sazanda ýok bolsa gerek. Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler bular hakynda aýtmak bilen  gelin-gyzlar hakynda  ýazylan goşgulary okadylar. Olar söhbetleriniň soňunda bize şeýle ajaýyp durmuşy bagyş eden  Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň,  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak beýik işleriniň rowaç bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmenistan”, teleýaýlymlary bilen …

Metbugat gullugy