“Türkmenistan” teleýaýlymy kitaphana işgärleri bilen “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly, at myradyň- mekany” ýyly mynasybetli ýazgy edildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmenistan” teleýaýlymy tarapyndan “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly, at myradyň- mekany” ýyly mynasybetli ýazgy edildi. Çykyş eden kitaphana işgärleri ýurdumyzda her ýylymyzyň döwrebap atlandyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda has-da rowaçlyklara beslenýändigi hakynda täsirli söhbet etdiler. Şeýle hem Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy mynasybetli Döwlet kitaphanasynda geçiriljek çäreler, söhbetdeşlikler dogrusynda çykyş edip, özleriniň döreden goşgularyndan okap berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmenistan” teleýaýlymy kitaphana …