Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Türkmenistan–sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly kitap sergisi gurnaldy.
Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Türkmenistan–sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” ady bilen türkmen sportuna bagyşlanan kitap sergisi gurnaldy. Bu sergide Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurt dillerinde neşir edilen sport, sagdyn durmuş baradaky kitaplary ýerleşdirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin hem, bu ugurda durmuşa geçirilýän işler ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýar. Adamlaryň saglygyny goramak we berkitmek, şeýle hem jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, milli sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sport we bedenterbiýe bilen baglanyşykly bu sergimiz hem okyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Häzirki wagtda bedenterbiýe we sporty ösdürmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmenistan–sagdynlygyň we ruhubelentligiň …