“Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri”, ussat usulçy mugallym Ata Akbabaýewiň ömri we döredijiligi hakynda ýazgy edildi

Image description

“Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri”, ussat usulçy mugallym Ata Akbabaýewiň ömri we döredijiligi hakynda ýazgy edildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras” teleýaýlymynyň “Ruhy çyragym” atly gepleşigi tarapyndan  “Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri” adynyň we “Watana bolan söýgüsi üçin” medalyň eýesi Ata Akbabaýewiň ömri we döredijiligi hakynda söhbetdeşlik ýazgy edildi. Onda çykyş edenler milli bilim ulgamynda çuňňur yz goýan halypanyň türkmen dilini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekdäki hyzmatlary hakynda söhbet etdiler. Şeýle hem türkmen dili boýunça mekdep okuw kitaplarynyň, usuly gollanmalaryň, eserleriň birnäçesiniň awtorydygy bellenildi we olar hakynda täsirli gürrüň etdiler. Söhbetleriniň soňunda edebi mirasymyzy öwrenmeklik işini düýpli ýola goýmaga, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmenistanyň at gazanan …

Metbugat gullugy