“Türkmenistanyň Bitaraplygy- parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabyndan ýazgy edildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Altyn asyr“, ”Ýaşlyk”,”Türkmenistan”,”Aşgabat” teleýaýlymlary bilen bilelikde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy- parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabyndan ýazgy edildi.

Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly “ atly gymmatly kitaby nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr diýip bellediler. Hormatly Prezidentimiziň  öňki ajaýyp kitaplary bolan “Ýaşlar- Watanyň daýanjy”,”Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet”, “Magtymguly- dünýäniň akyldary” atly kitaplarynyň üstüni ýetirýän “Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly ajaýyp kitaby hem  Döwlet kitaphanamyzyň kitap hazynasyny baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir diýip, uly buýsanç bilen çykyş etdiler. Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Metbugat gullugy