“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”atly kitaplaryndan söhbetdeşlik

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”atly kitaplaryndan  tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler: Biziň müň bir derde derman ösümliklerimiz şeýle hem biziň jana şypaly baý gözel tebigatymyz hakynda onuň adam saglygyna edýän ajaýyp täsiri barada giňişleýin söhbet etmek bilen bahar paslynyň jana şypaly howasy hakynda durup geçdiler.Gahryman Arkadagymyzyň bu gymmatly ensiklopedik  kitaplarynda biziň eziz Watanmyzyň baý ösümlik dünýäsi,olaryň  her biriniň peýdasy onuň ýerleşişi hem-de düzümi hakynda durup geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işlerinde üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Metbugat gullugy