Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy,”Miras”teleýaýlymy bilen bilelikde “Edebiýat dünýäsinde” ady bilen söhbetdeşlik ýazgy edildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilimli, sagdyn bedenli, ata Watana, halka, asylly pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar.Ýaşlarda okamak endigini kemala getirmek,ylmy edebiýatlar hakynda düşündirmek mugallymlaryň we kitaphana işgärleriniň asylly ýörelgesine öwrüldi.Türkmen halkynyň kitaba sarpa goýmak,bilim öwrenmek ýaly iň gowy häsiýetleri bu günki günde hem ösdürilýär. Ýurdumyzda döwrebap ugurlaryň durmuşa geçirilýändigini,okyjylara giň mümkinçiligiň döredilýändigi hakynda nygtap geçdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan- buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmenistanyň Döwlet medeniýet …