Baýramçylyk dabarasynda çykyş eden halypa kitaphanaçylar we medeniýet sungat işgärleri Döwlet kitaphanasynyň Şöhratly ýoly geçen,taryhy hakynda,şeýle hem ruhy gymmatlyklarymyzyň genji-hazynasynyň ojagy bolan kitaphanalaryň,şu günlerde döwrebap ösdürilişi barada söhbet etdiler.Şeýle hem kitabyň ynsan durmuşynyň iň ýakyn hemrasydygyny,türkmen halkymyzyň mydama kitaby çörek ýaly mukaddes saýýandyklaryny nygtamak bilen,türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kitap hakynda,okamaklyk hakynda aýdan pähim-paýhaslaryny öz çykyşlarynda beýan etdiler.Dabara gatnaşyjylar häzirki wagtda biziň ýaş nesillerimiziň,talyplarymyzyň okamaklary,ylym-bilim alkamlary üçin kitaphanalarda ähli şertleriň döredilendigini öz çykyşlarynda nygtadylar.Soňra bu toý dabarasyna gatnaşyjylar dabaranyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza,Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz alkyşlaryny aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet …