Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasyndan myhmanlar gezelençde

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasyndan myhmanlar  gezelençde  boldylar.

  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna myhmançylyga gelen Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Li Wonje kitaphana bilen tanyşlyk geçdi we ”Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar” bölüminde ýerleşdirilen Koreýa Respublikasy tarapyndan sowgat berilen kitaplaryň we dürli dillerde neşir edilen kitaplaryň sergisi bilen tanyş boldylar. Soňra Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi “Seýrek neşirler” bölüminde ýerleşdirilen seýrek duş gelýän gadymy kitaplar, ilkinji döredilen neşir önümleri bilen tanyş boldylar. Gezelenjiň dowamynda myhmanlar Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy L.Nurmuhammedowa bilen  ikiçäk söhbetdeş bolup, geljekde dostlukly ýurtlaryň arasynda uzak möhletleýin iş salyşmak maksady bilen , şeýle hem Döwlet kitaphanasynyň hazynasynyň üstüni Koreýa dilindäki kitaplar bilen baýlaşdyrmak boýunça söhbet etdiler. Soňra Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Li Wonje Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysyna Gahryman Arkadagymyzyň Koreýa dilinde çap edilen “Türkmenistan-Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly  kitabyny sowgat berdi, şeýle hem Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy öz gezeginde kitaphanamyzyň adyndan Arkadag şaherine bagyşlanan “Arkadag şäheri” atly kitabyny sowgat berdi. Dost-doganlyk köprüsini mundan beýläk hem berkitmekde uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag,ömürleri uzak bolsun!

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmenistanyň Döwlet medeniýet …

Metbugat gullugy