Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.
Kitaphana synynda çykyş edenler alym, lukman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomly ylmy-ensiklopedik eseriniň ХVII jildi bilen tanyşdyrdylar. “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik eserde ýerli dermanlyk ösümlikleriň bejerijilik aýratyn-lyklary, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmak bilen baglanyşykly meseleler jikme-jik beýan edilýändigini, dermanlyk ösümlikleriň suratlary, olar baradaky maglumatlar, biologiki aýratynlyklary, ýaýran ýerleri, himiki düzümi, emleri taýýarlamagyň we peýdalanmagyň usullary tertipnama esasynda görkezi-lendigini beýan etdiler.
Kitaphanaçylar kitabyň baplarynda ylmy sungat derejesine ýetirilen gelip çykyşy ösümliklerden bolan gymmatly şypaly hazyna hasaplanýan 107 sany dermanlyk ösümligi barada doly we düýpli maglumat berilýändigini nygtadylar.
Kitaphana synyna gatnaşyjylar “Türkmenistan – sagdynlygyт we ruhubeletligi ýurdy ” diýip, halkyň saglygy hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwren Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmenistanyň Döwlet medeniýet …