Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň 2403 harby bölüminiň esgerleri kitaphanamyzda gezelençde boldular

Image description

Döwlet kitaphanasyna gezelenç

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň 2403 harby bölüminiň esgerleri kitaphanamyzda gezelençde boldular. Döwlet kitaphananyň Hyzmat ediş bölüminiň işgärleri serhet goragçylary bilen gezelenç gurnap "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany" diýip atlandyrlan ýylymyzyň toýly başlangyçlarynda kitaphanamyza gelip gowşan täze kitaplardan sergilenen sergiler bilen tanyşdylar.  Watana bolan söýgüsini her bir sözünde belläp geçýän serhet goragçylarymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerini ýan kitaby edinip, taryhda yz goýan beýik şahsyýetleriň ýoluny dowam etdirip, gulluk borçlaryny birkemsiz tamamlap, ata watanmyzy gözleriniň göreji ýaly gorap saklajakdyklaryny belläp geçdiler.

Gezelenje gatnaşan serhet goragçylary özlerine döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmenistanyň Döwlet serhet …

Metbugat gullugy