Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energetikasy – durnukly geljege tarap ugur” atly kitap sergisini gurnady.
Bu kitap sergisinde energetika pudagyna degişli neşir önümleri ýerleşdirildi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistan geljegiň energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinde jemleýändigine oňat düşünmek hem-de BMG-nyň tebigaty goramak hakynda konwensiýalarynyň işjeň tarapdary bolmak bilen, daşky gurşawy goramak babatda halkara hukuk resminamalarynyň ençemesini tassyklar. Tebigy serişdeleri, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini netijeli ulanmak ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň, hususan-da, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülýär. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak planetamyzy goramakda hem-de onuň ähli ýaşaýjylary üçin durnukly geljegi üpjün etmekde möhüm ädim bolup durýar. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmagyň artykmaçlyklary birinjiden, şol energiýa ekologiýa taýdan arassa bolup durýar we daşky gurşawy hapalamaýar. Ikinjiden, gaýtadan dikeldilýän energiýa ykdysady taýdan amatly, onuň bahasy pese düşýär, ulanmak babatda özüne çekijiligi bolsa maýadarlar üçin ýokarlanýar. Şeýlelikde, Türkmenistan gün, ýel, we energiýanyň beýleki gaýtadan dikeldilýän “arassa” çeşmelerine maýa goýmak bilen, durnukly energetika geljegini döredýär, ol daşky gurşawa, ykdysadyýete we jemgyýete uly peýda getirer. Kitap sergisine gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amala aşyrýan ägirt uly işleri üçin çäksiz hoşallyklaryny aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän …