“Türkmenistanyň Halk Maslahaty – döwlet Garaşsyzlygymyzyň, ösüşli ýyllarymyzyň, şöhratly üstünliklerimiziň binýady” atly maslahat.

Image description

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekiçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde guramagynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty – döwlet Garaşsyzlygymyzyň, ösüşli ýyllarymyzyň, şöhratly üstünliklerimiziň binýady” atly maslahata Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň  “Hyzmat ediş” bölüminiň kitaphanaçylary gatnaşyp, maslahatda çykyş ediler.

Çykyş edenler Halkymyzyň döwlet gurmakda we ony dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesi, häzirki zaman demokratik – hukuk gymmatlyklary onuň düýp esasyny düzýär diýip bellediler. Garaşsyzlyk döwründe medeniýetimiziň, sungatymyzyň uly ösüşlere eýe bolandygy barada aýdyp geçdiler. Hormatly Arkadagymyzyň Arkadagly hormatly Prezidentimiziň dürli dillerde ýazylan eserleri barada täsirli gürrüňler etdiler. Kitabyň adamzada edýän täsiri, dünýägaraýşyňy giňeldýänligi barada eden söhbetleri dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Goý, halkymyzyň parahat, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy üçin uly tagallalary edýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmenistanyň Halk Maslahaty …

Metbugat gullugy