“Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr, dramaturg, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Orazguly Annaýewiň doglan gününiň 80 ýyllygyna” atly ýazylan usuly-bibliografiýa gollanmasyndan söhbetdeşlik geçirildi

Image description

Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmekligiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp,Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölümi tarapyndan “Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr, dramaturg, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Orazguly Annaýewiň doglan gününiň 80 ýyllygyna” atly ýazylan usuly-bibliografiýa gollanmasyndan söhbetdeşlik geçirildi.

  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölüminiň ýolbaşçylygynda “Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr, dramaturg, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Orazguly Annaýewiň doglan gününiň 80 ýyllygyna” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgärleri gatnaşdylar.

   Söhbetdeşligiň bu sanynda Orazguly Annaýewiň ömri we döredijiligi, ýazan eserleri, şeýle-de “Girdap” hakyndaky goşgulary barada aýdylyp, täsirli gürrüňler geçirildi. Söhbetdeşlikde şahyryň eserleri barada kitaphanaçylaryň arasynda sorag-jogap alşyldy.

   Söhbetdeşligiň ahyrynda kitaphanaçylar kitaphana işini ösdürmekde olary aýawly saklamakda we kitaplary ýaş nesle ýetirmekde birnäçe aladalar edýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmenistanyň halk ýazyjysy, …

Metbugat gullugy