Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkezinde, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy,”Aşgabat “ teleýaýlymy bilen bilelikde “Ösüşlere beslenýän Garaşsyz Diýar”ady bilen söhbetdeşlik.

Image description

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkezinde, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy,”Aşgabat “ teleýaýlymy bilen bilelikde “Ösüşlere beslenýän Garaşsyz Diýar”ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş eden Hormatly Prezidentimiziň parasatly Baştutanlygynda ýurdumyzda ýöredilýän hemmetaraplaýyn hem-de ylmy esasda alnyp barylýan öňdengörüjilikli, hoşniýetli syýasatyň netijesinde dünýäniň ençeme döwletleri, iri halkara guramalar bilen köpugurly hem-de giň möçberli hyzmatdaşlyklaryň gerimi barha giňeldilýär. Eziz Diýarymyz halkara maslahatlaryň, dabaralaryň, forumlaryň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Ýakynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-nyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. Munuň özi hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň halkara abaraýynyň örän ýokarydygyny, belent derejelere eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär  diýip, giňişleýin söhbet etdiler.

Çykyş edenler çykyşlarynyň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.                                                  

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary …

Metbugat gullugy