Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalan “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň kitaphanalarynyň işiniň möhüm wezipeleri” atly okuw-usulyýet maslahaty geçirildi.
Bu okuw-usulyýet maslahatynda çykyş edenler elektron kitaphanalarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmagyň we olary döwrebaplaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlary,eserleri sanly ulgamyň üsti bilen wagyz etmegiň usullary,Gahryman Arkadagymyzyň eserlerini wagyz etmegiň döwrebap usullary dogrusynda,Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitaphana işini kämilleşdirmegiň esasy ugurlary,kitaphanalarda döwrebap hyzmat etmek we hyzmatyň görnüşlerini kämilleşdirmegiň ýollary barada söhbet etdiler.
Bu okuw-usulyýet maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi …