Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmekligiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölüminiň “Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny onuň eserlerini wagyz etmek” ady bilen geçirilen okuw sapagy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny onuň eserlerini wagyz etmek” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň talyplary gatnaşdylar.
Okuw sapagynyň bu sanynda Ylmy-usuly bölüminiň ýolbaşçylygynda özleriniň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler we sorag-jogap alyşdylar. Ylmy-usuly bölüm usuly we usuly-bibliografiýa gollanmalary taýýarlaýar we neşir edýär, welaýat we jemagat kitaphanalaryna iberýär. Bu usuly gollanmalar kitaphana işine degişli gollanmalardan, ýazyjy-şahyrlaryň we tanymal şahsyýetleriň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan gollanmalardan, ýylyň ady bilen bagly gollanmalardan we şu günki günüň wajyp meseleleri bolan ekologiýa, suw, daşky gurşawy goramak ýaly temalara bagyşlanan gollanmalardan, medeni mirasymyza degişli gollanmalardan ybaratlygy barada gürrüň berildi. Söhbetdeşlikde bu usuly gollanmalaryň nähili taýýarlanyşy, gollanma baradaky edebiýatlary nähili ýygnamaklygy we nähili tertipde ýazylyşy barada giňişleýin beýan edildi.
Şeýle gyzykly gürrüňdeşlikler talyp ýaşlarda zähmete bolan höwesleriniň artmagyna ýardam etdi. Soňra bolsa söhbetdeşlige gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde olary aýawly saklamakda we kitaplary ýaş nesle ýetirmekde birnäçe aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmenistanyň Prezidenti Serdar …