Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli “Halkyň saglygy-döwletiň baş baýlygy”atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Image description

Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli “Halkyň saglygy-döwletiň baş baýlygy”atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda halkyň saglygyny goramakda alynyp barylýan beýik işler, paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurulyp, halkymyza hyzmat edýän saglyk merkezleri hem-de dynç alyş şypahanalar barada giňişleýin söhbet etdiler.

Olar öz çykyşlarynyň ahyrynda halkymyzyň saglygyny goramaklykda alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize öz alkyşlaryny aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmenistanyň saglygy goraýyş …

Metbugat gullugy