Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň ýylyň–ýylynda geçirýän “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň ýylyň –ýylynda geçirýän “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi.

Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan ýylyň –ýylynda geçirilýän “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige dürli pudaklarda üstünlikli  zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Şol sanda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyndan hem öz işinde ussat kitaphanaçy zenanymyz gatnaşyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinden ruhlanyp, alyp barýan işleri dogrusynda giňişleýin çykyş etdi we baýrakly orunlara mynasyp boldy. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar döredijilikli işlemäge,okap bilim almana döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň …

Metbugat gullugy