“Türkmensitan” teleýaýlymy bilen bilelikde “Garaşsyz Diýarym, baky Bitarap!” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmensitan” teleýaýlymy bilen bilelikde “Garaşsyz Diýarym, baky Bitarap!” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

 

      Söhbetdeşlikde çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp wakalar örän köp boldy. Şu günler Garaşsyz Diýarymyz  şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli toý-baýramlara beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz baky  Bitaraplygymyza laýyklykda sebitde parahatçylygy gorap saklamakda, dünýäde dost- doganlygy berkitmekde beýik işleri alyp barýar. Onuň alyp barýan ynsanperwer syýasaty bu gün dünýä dolýar.  Taryhda şöhratly ýollary geçen Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde hemişelik Bitaraplyk, parahatlyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip Halkara derejesinde uly abraý gazandy diýip, nygtap geçdiler.

    Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

                                        

                                                                                                                                                    18.11.2025ý.  

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmensitan” teleýaýlymy bilen …

Metbugat gullugy