Inžener geologiýasy geologiýanyň köpsanly pudaklarynyň iň ýaşlarynyň biri bolup, geologik maglumatlary dürli gurluşyk bähbitleri üçin ulanýan ylymdyr. Bu okuw kitabynda inzener geologiýasynyň häzirki zaman wezipeleri, mazmuny we usullary beýan edilýär. Berlen maglumatlar inžener geologiýasynyň esasy obýektleri bolup hyzmat edýän teýgumlara, ýerasty suwlara, geologik hadysalara, geologik gurşawyň ulanylyşyna we dolandyrylyşyna degişli. Kitapda inžener-geologik gözlegleriň we barlaglaryň geçiriş aýratynlyklaryna, gözleg-taslama-gurluşyk işleriniň amatly utgaşmasy boýunça toplanan dünýä tejribesine, Türkmenistanyň inžener-geologik şertlerine degişli mysallar getirilendigi barada gürrüň edildi. Kitaphana synyna gatnaşanlar bagtyýar zamanamyzy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Umumy inžener geologiýasy” …