“Ussat ýazyjyny sarpalap”
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi türkmen prozasynyň ägirdi, ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli söhbetdeşlik we kitap sergisini gurnady. Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýazyjynyň ömri we döredijiligi barada gyzykly gürrüňler berdiler. N.Saryhanowyň eserleriniň, esasan-da, ”Şükür bagşy” powestiniň türkmen edebiýaty üçin edebi gymmatlykdygy hakynda aýtdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýazyjy-şahyrlarymyzy belentden sarpalaýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ussat ýazyjyny sarpalap”